Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy gymmaty barha artýan hazyna

5 Dekabr 2023
813

Türkmen nusgawy edebiýatynda dile, söze sarpa goýulýandygyny şahyrlaryň goşgularyndan görmek bolýar. Gündogarda söz bilen baglanyşykly ençeme nakyllar, pähimler döredilipdir. Şol nakyllarda sözüň manysyna düşünip sözlemek baradaky pikirler beýan edilipdir. Söze bolan şeýle belent sarpany akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem görmek bolýar. Akyldar şahyryň goşgy setirlerinde çuňňur manynyň bardygyny bellemelidiris. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri, gyzyla gaplaýmaly setirleri halk aňyna ornapdyr. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä dillerine terjime etmekde hem-de okyjylara ýetirmekde alymlarymyz asylly işleri bitirýärler. Çünki milli edebiýatymyzyň nusgalaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, gymmatly mirasymyz ýaşlara hem öwredilýär.