Türkmen tamdyrynyň lezzeti bir başga

3 Dekabr 2023
1422

Tagamy agzyňdan gitmejek milli hem-de döwrebap naharlaryň gürrüňi-de diýseň datly bolýar. Naharlaryň hoşboý ysy, tagamy, taýýar bolandan soňky görnüşi nähili özüne çekýän bolsa, olar hakda edilýän gürrüňlerem gulaga şonça hoş ýakýar. Birnäçe ýyl bäri halka elýeterli bahadan hödürleýän ajaýyp tagamlary bilen köpleriň göwnüni awlamagy başaran «Tamdyr lezzeti» kafesine aýdylýan hoşallyk sözleri dillerden düşmän gelýär. «Il agzy – keramat» diýleni. Şeýle öwgä, ýokary baha mynasyp bolan bolsa, taýýarlaýan tagamlarynyň, hödürleýän hyzmatlarynyň halkyň göwnünden turandygy. Bizem bu günki datly söhbetlerimizi «Tamdyr lezzeti» kafesiniň tagamlary barada taýýarlamagy makul bildik. Türkmen tamdyrynyň üýtgeşik tagamlarynyň aýratynlygy bilen tanyşmagy göwnemakul görseňiz, onda biziň söhbedimize gulak goýup görüň!

Türkmene mahsus häsiýetleriň biri myhmansöýerlikdir. Özüniň bar bolan ähli zadyny bereketli desterhanyna ýaýmak bilen, Taňry myhmanyny mynasyp hezzetleýän türkmen halkynyň ata-baba ýörgünli däp-dessuryna hormat goýup, ony dowam etdirip gelýändigine ilata hyzmat edýän döwrebap restoranlardyr kafelere baranymyzda-da göz ýetirýäris. Ine, öz müşderilerine myhman paýyny sowgat edýän jemgyýetçilik iýmiti hyzmaty ýerleriniň biri-de «Tamdyr lezzeti» kafesidir. Bu ýerde tagamlaryň hemmesinde diýen ýaly myhman paýy sowgady bardyr. Sentýabryň ilkinji gününden bäri şeýle hyzmaty hödürläp gelýän kafe Täze ýyl baýramyna çenli ildeşlerimize sargyt edilen naharlaryň ýany bilen myhman paýyny sowgat bermegi göz öňünde tutýar. Bu ýerde taýýarlanan tagamlar ildeşlerimiziň Täze ýyl saçagyny has-da bezese gerek.