Terbiýäniň ilkinji mekdebi

3 Dekabr 2023
1683

Ene gujagynyň çaganyň ilkinji watany bolşy ýaly, megerem, çaga oýunjaklarydyr gurjaklar çagalaryň hem ilkinji terbiýeçilik mekdebidir. Çagalar durmuşyň gülleri hasaplanýar. Perzendiň dünýä inmegi maşgala üçin bimöçber şatlykdyr, bagtdyr. Olar şol günden başlap mähir, üns we alada bilen gurşalýar. Türkmenlerde çaga terbiýesine aýratyn üns berilýär. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlen parasatly söz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Her bir ene-ata öz çagalarynyň jemgyýetimize peýdaly, sagdyn, bilimli, watansöýüji, ruhubelent, rehimdar, töwereginde duran adamlara raýdaş, ilhalar adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin hem uly alada edilýär. Ene-atalar öz çagalarynyň berk bedenli, çeýe, ýyndam, pikirleniş ukybynyň ýokary bolmagynyň, çeperçilik başarnygyny we beýleki endikleri ösdürmek maksady bilen, dürli milli oýunlary döredipdirler. Şeýle-de geçmişde dürli ölçegdäki, dürli şekildäki gurjaklary ejeleri öz gyzjagazlary bilen bilelikde ýasapdyrlar. Olara bilelikde dürli eşikleri tikip geýdirip, dürli başgaplary ýasapdyrlar. Gurjaklaram edil beýleki dürli-dürli çaga oýunjaklary ýaly körpejeleriň asman ýaly tämiz hem ter, biserhet türkmen sährasy deýin päkize kalbynda mähribanlyk tutuş barlyga guwanç duýgularyny oýarýar.

 Şolar ýaly gurjaklaryň ençemesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda goralyp saklanýar. Bu gurjaklar muzeýiň köne ýygyndysy bolmak bilen, olar XX asyryň başlarynda muzeýe tabşyrylypdyr. Köp wagtyň geçenligine garamazdan, olar oňat saklanypdyr.

Nurgözel Orazowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.