Gorkut ata we Magtymguly

30 Noýabr 2023
713

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen umumadamzat şahyry hem-de akyldary hökmünde ykrar edilen söz ussadymyzyň edebi mirasyny öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu ugurda beýik akyldaryň mirasynyň gadymy edebi nusgalar bilen arabaglanyşygyny ylmy esasda öwrenmek wajyp işleriň biridir. Şol jähetden, biz halk paýhasynyň taýsyz nusgasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda ündelýän pikirleriň Magtymgulynyň döredijiliginde mynasyp dowam etdirilişi hakynda söhbet açmagy makul bildik.

Özüniň pähim-paýhas ündewleri bilen birnäçe eserleriň döremegine itergi beren «Gorkut ata» şadessanynyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy üçin hem görelde mekdebi bolandygyny ylmy seljermeler aýan edýär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.