«Emeliň seresi – güýç,..»

30 Noýabr 2023
731

Göreşde esasy zat — garşydaşyňy ýykmak. Bäsdeşiňi ýykmaga-da güýç bilen emel gerek. «Emeliň seresi — güýç, güýjüň seresi — emel» diýilýär, pälwanlar bu ikisini deň tutupdyr. Güýç biliňe, bilegiňe, injigiňe, galyberse, ýüregiňe bagly bolýar.

Emel?! Pälwanlar bil tutuşanlarynda garşydaşyndan üstün çykmak üçin türkmen göreşiniň badak, çopanbadak, çilşirme, ýanbaşa almak, çilme, ilme, kakma, silkme, gysyp ýykmak, aýlap ýykmak, göterip ýykmak... ýaly onlarça emellerini ulanypdyrlar. Göreş emelleriniň belli-bellileri aýratyn çylşyrymly, owadan, ussatlygy talap edýän emeller bolupdyr. Şeýle emelleri ulanýan pälwanlara aýratyn sarpa goýlupdyr. Türkmen göreşiniň emellerinden badak garşydaşyň aýagynyň daşyndan aýagyňy aýlap salynýan emel bolsa, çilşirme bäsdeşiňi ýykmak üçin aýagyňy garşydaşyň aýagynyň arasyndan geçirip, daş ýüzünden aýlap tutmak usulydyr. Garşydaşyňy ýanbaşyňa alyp ýykmak türkmen göreşinde gowy görülýän, owadan, pälwanyň ussatlygyny görkezýän, abraýly emel hasap edilýär. Bu emelde garşydaşyňy bir ýan gapdalyňa göterip ýykylýar.

Meretmämmet HANMÄMMEDOW.
«Arkadag».