Dür dökülýär ellerinden

29 Noýabr 2023
666

Zergärçilik halkymyzda irki döwürden bäri dowam edip gelýän inçe sungatdyr. Bu sungatyň jadylaýjy dünýäsine aralaşan ynsan özüni asla ondan üzňe tutup bilmeýär. Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa hem şeýle köpugurly döredijilige ýykgyn edýän zenanlaryň biri. Ol çagalara bilim we terbiýe bermek bilen birlikde ýaş nesliň sungatyň dürli görnüşinden kämil baş çykarmagy ugrunda hem zähmetini gaýgyrmaýar.

Ýaşlykdan sungat ýoluny saýlan Ogulnur ilki bilen etrabyň çagalar sungat mekdebinde okap, nakgaşçylyk hünärini öwrenýär. Soňra ol okuwyny Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda dowam etdirýär. Eýýäm talyplyk ýyllarynda gülýakadyr bilezik, gulakhalka ýaly şaý-sepleri milli äheňde özbaşdak ýasap ugraýar. Halypa mugallymlaryň öwredýänlerini yhlas bilen özleşdirýän ýaş zergäriň döredijilik ukyby has hem artýar. Edil şol ýyllarda onuň döreden işleri döwlet derejesinde geçirilýän sergilerde hem iň gowularyň hatarynda ýokary bahalara mynasyp bolýar.

Sahypany taýýarlan Merjen KADYROWA.
ýörite habarçymyz.