Gelin salamy

25 Noýabr 2023
1444

Gelin salamy örän gadymy däpleriň biri bolup, bu däp häzirki günlerde hem dowam edýär. Birek-birege hormatyň, hoşniýetliligiň nyşany bolan salamlaşmak däbi hemmeleri, ylaýta-da, zenan maşgalalary juda sypaýy, edep-ekramly görkezýär. Ýaş gyzlaryň edep-terbiýesi barada gürrüň edilende: «Salamlyja eken» diýilýän halatlaryna durmuşda köp gabat gelinýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň, mährem ene-mamalarymyzyň miras galdyran adamkärçilik gatnaşyklarynyň iň ajaýyp nusgalarynyň biri hem salam bermekdir.

Gelin salamy däbi boýunça täze gelen gelni toý gününiň ertesi, ilki bilen, gaýynlarynyň bolýan otagyna salama eltýärler. Gelin sag aýagy bilen içerik girýär we öýüň töründe oturan gaýynlaryna sag elini kükreginiň üstünde goýup, eglip salam berýär. Şol mahal ogluny öýli-işikli etmegi, toý tutmagy arzuwlap, gelin salamyna garaşyp ýören ata-enäniň başy gök direýär. Gaýynene ýerinden turup, gelniniň iki egnine elini goýup: «Äleýik salam, sag-aman ördüňizmi, balam!» diýip, mähir-muhabbet bilen onuň salamyny alýar. Soňra: «Gelnim ilkinji salama gelende bererin» diýip, ýüreginde niýetläp goýan sowgatlyk köýnekligini ýa-da gyňajyny onuň egnine atýar. Süýji sözlerini, ýagşy arzuwlaryny gelnine minnetdarlyk bilen eçilýär. Şaňňyrdap gapydan giren gelnine buýsançdan ýaňa ýüregi joşan gaýynata-da: «Amanlykmy, gelin, aman-saglykmy?» diýip, onuň salamyny alýar.

Aýna BERDINÝAZOWA,
Aşgabat şäheriniň saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň mugallymy.