Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamynda ýaşlar dialogy

23 Noýabr 2023
805

Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Giň möçberli çäre Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň we HHR-iň halklarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilip, onuň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, Mary welaýat häkimligi tarapyndan ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen foruma ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyplar, meýletinçiler, işjeň agzalar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet, sungat ulgamlarynyň, parlament düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.