Magtymgulynyň döredijiliginde kanun baradaky garaýyşlar

23 Noýabr 2023
963

Halkymyzyň milli mirasyny, onuň millet hökmündäki özboluşly aýratynlyklaryny ýaş nesillere öwretmek islendik döwürde hem derwaýys meseleleriň biridir. Bu babatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň watançylyga, halallyga, ynsanperwerlige we adalatlylyga ýugrulan eserleri bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak pähim-paýhasdyr, gymmatlykdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwürdeş we ondan soňky döwrüň şahyrlary üçin ruhy sütündir. Gurbandurdy Zelili, Annagylyç Mätäji, Mämmetweli Kemine we başga-da köp sanly söz ussatlary Magtymguly Pyragyny öz halypasy hasap edipdirler. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda: «Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr// Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr» diýip belleýär.

Döwran KARAJAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy, polisiýanyň kapitany.