Abadan geljegiň aýdyň şuglasy

22 Noýabr 2023
1026

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna, peder ýoluna dowam beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tutumly işler, düýpli özgertmeler bilen täze taryhy eýýamymyz uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-güni buýsandyrýan, ýurt ykbalyny has-da nuranalyga besleýän möhüm wakalaryň, birш-birinden zyýada rowaçlyklaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy döwürde her günüň täze üstünliklere ýugrulyp, bagtly pursatlaryň kerwen gurap gelmegi agzybir watandaşlarymyzy asylly başlangyçlara, döredijilikli zähmete galkyndyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri Watan bagtyýarlygyny, döwlet berkararlygyny berkitmekde halkyň yhlasyna bildirilen beýik ynamdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu beýik ynamy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň hem kalbyna egsilmez güýç paýlaýar. Türkmen ýaşlary joşgun, ruhubelentlik bilen Berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Şatlyk HUDAÝNAZAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.