Milli ýörelgelere sarpa

21 Noýabr 2023
975

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, şöhratly taryhy bar. Bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek mukaddes wezipe bolup durýar. Şonuň netijesinde hem bu günki günde milli gymmatlyklarymyz ýaş nesillere öwredilýär, taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniruhy gymmatlyklarymyza, dilimize, edebiýatymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma, ony ylmy taýdan öwrenmäge bolan höwes hasda artýar. Geljekki ösüşleri üpjün etjek türkmen ylmyna, medeniýetine, sungatyna ýaş alymlaryň gyzyklanmagy ýurdumyzyň ylymbilim we medeniýet ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine giň ýol açýar. Şeýle ösüşler bolsa halkymyzyň asyrlarboýy döreden milli ýörelgelerine sarpa goýmakda, ýaşlary ynsanperwerlik, halallyk, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki döwür ösýär, özgerýär. Şonuň bilen birlikde, bilim, ylym hem ösýär. Ylmy açyşlar durmuşymyza ornaşyp, adamzadyň ýaşaýyş derejesini, islegini hasda kämilleşdirýär. Biziň her birimiz, her bir maşgala, her eneata çagalaryna, ýaşlara Watany söýmegi, ataenä hormat goýmagy milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly öwredýär. Şonuň üçin milli terbiýäni edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanyp kämil derejede biziň ajaýyp döwrümize gelip ýeten edebiýatymyz, medeniýetimiz, sözüň doly manysynda, orta mekdeplerde we ýörite orta hemde ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olaryň bilimliylymly adamlar bolup ýetişmeklerinde örän gymmatly gollanmadyr. Şeýlelikde, terbiýeçilik işinde edebi mirasymyzyň, medeniýetimiziň, asylly ýörelgelerimiziň ähmiýetiniň bardygy bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Şonuň ýalyda, nusgawy türkmen edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň ölmezýitmez şygyrlarynyň gadyrgymmatynyň we ähmiýetiniň bimöçber uludygyny biziň her birimiz bilýäris.

Mämmetjuma MUHAMMETJUMAÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.