Terbiýe mekdebiniň nusgalyk ýörelgesi

22 Noýabr 2023
928

Magtymguly Pyragy diýlende, akyldar şahyryň halkymyzyň aňyna, ruhy dünýäsine ornaşan, durmuşynyň bölegine, terbiýeçilik ýörelgesine öwrülen öçmez-ýitmez döredijiligi seriňe gelýär. Edebiýat äleminiň beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli meseleleriň çözgütlerini, pelsepewi garaýyşlaryň giden toplumyny özünde jemleýär. Şahyryň şygyrlar dünýäsi nusgalyk terbiýe mekdebidir. Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde alymlar, edebiýaty öwrenijiler, magtymgulyşynaslar üçin şahyryň döredijiligini, golýazmalaryny ylmy esasda öwrenmäge giň şertler, uly mümkinçilikler döredildi.

Şeýle tutumly işleriň netijesinde Magtymguly atamyzyň eserleri dünýä ýaýylyp, ähliadamzat gymmatlygynyň derejesine göterildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem şahyryň dünýä edebiýatyndaky belent abraýynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň milletiň beýik şahyryna bagyşlap döreden «Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany» atly ajaýyp goşgusy geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny, hormat-sarpasyny has-da artdyrdy.

Gülnara ARAPOWA,
Çärjew etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.