Ussada belent sarpa

27 Oktýabr 2023
559

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirildi.

Meşhur kompozitoryň döredijilik dünýäsine bagyşlanan festiwalda saz žanrynyň dürli görnüşleri ýerine ýetirildi. Aýratyn-da welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdan «Japbaklar» aýdymyna hem şol mekdebiň wekilleriniň sazandarlyk etmekleri, okuwçylaryň Nury Halmämmedowyň sazyna, Hajy Kakalyýewiň sözlerine döredilen «Türkmenistanym» diýen aýdymy ussatlyk bilen aýdyşlary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň, kamera hor, akapella toparlarynyň «Keçpelek», «Dutaryň owazy», «Uçuň, durnalar!» atly aýdymdyr sazlary ýerine ýetirişleri festiwala gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.