Bir ak bilen garaja...

27 Oktýabr 2023
1016

Alajanyň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda aýratyn ornunyň bolşy ýaly, onuň halk döredijiliginiň ähli görnüşinde diýen ýaly şöhlelenýändigini hem bellemek gerek. Türkmen zenanlary «Alajanyň her bir zady göz degmekden goraýar» diýen yrymdan ugur alyp, ýaňy doglan çaga, täze gelne, täze dünýä inen taýçanaga, täze ulaga, täze öýüň gapysyna, umuman, gözden-dilden goralmak islenýän ähli zadyna alaja dakypdyr. Biz muny Gahryman
Arkadagymyzyň täze dünýä inen taýjagazlara öz käbesiniň eli bilen ören alajasyny dakýan pursatlarynda-da aýdyň görýäris.

«Bir alaja ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär» diýen matalda alaja işilende ynsanyň gözüniň agy bilen garasyndan nusga alnandygy aýdylsa, «Alaja ýüpüm dag aşar» diýen matalda adamyň görejiniň ähli zady, hatda beýik dagyň aňyrsyndaky zatlary-da görüp bilýändigi beýan edilýär. Matalda ynsanyň gözüniň alaja deňelmegi we matalyň jogabynyň «göz» bolmagy alajanyň göz-dilden goraýanlygyny aňladýar.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.