Şygryýetiň göwher täji

26 Oktýabr 2023
716

Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk we parahatsöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda 2024-nji ýylda dana şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk senesi hem uly joşgun bilen ruhubelentlikde toýlanar. Bu dabaraly çäreleriň gerimi diňe bir şahyryň ata Watanynda däl-de, çawy ýaýran ýurtlarda, dünýä döwletlerinde hem dowam edýär.

Ýazmuhammet GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.