Alabaý — türkmeniň buýsanjy

25 Oktýabr 2023
645

Milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Halkymyzyň baý milli mirasynyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär.

Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen alabaýlar barada olara belet adamlar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsançly gaýtalamagy gowy görýärler. Eýesine çakdanaşa wepalylyk, garadan gaýtmazlyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlylyk, düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dost hasaplapdyrlar.

Rahmanberdi HYDYRLYÝEW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.