Ilbiri — ýedi ýat

24 Oktýabr 2023
704

Adamyň ýedi arkasynyň, ýedi nesliniň atlandyrylyşy bar. Mallaryň hem käbir görnüşini ýedi ýaşa çenli atlandyrmak giň ýaýran. Şeýle bolansoň, ýedilik san bilen bagly düşünjeler biziň dilimizde köp duşýar. Ýedi arka, ýedi ýol, ýedi derýa, ýedi ýat... «Ýedi derýanyň suwuny içen», «Ýedi gapyda ýerlemedik», «Ýedi ýylda mal täzelener, elli ýylda — il»... Umuman, ýedilikler baradaky düşünjeleri näçe sanasaň sanap oturmaly.

Bu düşünjeleriň her biri dogrusynda aýratyn söhbet etmek mümkin. Şeýle-de bolsa, biz häzir ýedi ýat düşünjesi hakynda gürrüň etmekçi bolýarys. Muňa düşünmek üçin, ilki bilen, adamlaryň garyndaşlyk gatnaşygy boýunça ýedi arkasyny bilmeli. Ynha, olar: dogan, doganoglan, dolanan, atadaş, adybir garyndaş, gandüşer garyndaş, tanap ujy. Sekizinjisi bolsa «ýedi ýat» hasaplanylypdyr. Ol ýedi arkadan aňyrdaky adam diýmegi aňladypdyr. Oňa başgaça «ilbiri» hem diýlipdir.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.