Kindiwanja kebelekler

4 Oktýabr 2023
2297

Ýer ýüzünde kebelekleriň münlerçe görnüşi bellidir. Olaryň bedenleriniň ululygy hem dürli-dürlüdir. Biziň ýurdumyzda hem kebelekleriň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir. Olaryň ençeme görnüşine Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelmek bolýar.

Ýurdumyzda duş gelýän kindiwanja kebelekleriň biri-de perwanadyr. Onuň ululygy, takmynan, siňek ýalydyr. Ençeme şahyrlaryň eserlerinde bu kebelejigiň ady söýgi bilen tutulýar. Onuň ýaşaýyş ekologiýasyna köp adamlar beletdirler. Gijelerine ot ýakyp, çaý gaýnadýan ýa-da nahar bişirýän adamlar oňa köp duş gelýärler. Perwana ýakylýan oduň ýagtysyna gelip, onuň daşyndan aýlanyp başlaýar. ªeýlelikde, ol oduň daşyndan aýlanyp ýörşüne, oňa has ýakynlaşýar hem-de oduň ýalnyna ýanyp köýýär. Adamlaryň käbirleriniň bu jandarlara rehimi gelip, olary elleri bilen otdan daşrak kowjak bolýarlar. Emma şonda-da olar oduň ýalnyna özlerini urýarlar.

Elmira Rozumowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.