Millilige sarpanyň belent nusgasy

24 Awgust 2023
633

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir.

Gelin-gyzlarymyzyň el işleri medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanylýar. Halkymyzyň bu ajaýyp ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilip gelinmeginde ýaşuly nesliň göreldesi, öwüt-ündewleri wajyp orun eýeläpdir. Ajaýyp zamanamyzda bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömür ýoly, baý durmuş tejribesi göreldedir.

Jennet ARAZOWA,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi,1-nji derejeli ýurist.