Nepisligiň nusgasyna öwrülen senet

23 Awgust 2023
643

Türkmen zenanlarynyň döredýän gözellikleri, gymmatlyklary barada ýazmak hemişe-de ýakymly. Ýöne özüniň beýik göreldesi bilen milletiň käbesine öwrülen Ogulabat ejemiziň elinden dörän gözellikler barada ýazmak has-da ýakymly we täsirli. Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň manyly ömri bilen hem, on barmagynyň kämil hünäri bilen hem diňe bir döwürdeş gelin-gyzlarymyza däl, eýsem, telim-telim nesillere nusga bolup ýaşan Ogulabat ejemiziň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenilen iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagyna, bu mukaddeslikleri muzeýiň gymmatlyklarynyň hataryna sowgat berýän tolgundyryjy pursatlaryna ählimiz şaýat bolduk. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen muzeýe gelen, gymmatlyklary onuň gaznasyna tabşyran pursatlary türkmençilikde ene-mamalarymyzdan galan gymmatlyklara nähili belent sarpa goýulýandygyny görkezýär.

Alaja ― zenanlarymyzyň el işleriniň naýbaşylarynyň, göze gelüwlileriniň biri. Onuň gözden-dilden goraýjylyk häsiýeti baradaky ynanç ählimize mälim. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem özüniň dürdäne eserlerinde nygtady. Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.