Zähmetden bagt tapan

23 Awgust 2023
689

Gülşirin gelneje bilen söhbetdeş bolup, ony ýakyndan tananyňda, adamlaryň özüne berlen ukyp-başarnygy, zehini bilen köp zatlara eýe bolup bilýändigine göz ýetirýärsiň. Gyzyşyp giden gürrüňdeşligimiziň barşynda hakyky zähmet adamsyna duşandygymy derrew aňdym. Onuň gündelik iş we durmuş tejribesi, çekýän zähmeti köpler üçin nusga alarlyklydyr.

Darganata etrabynyň 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşirin Dusbaýewa örän işeňňir we başarnykly zenan. Ol zähmete belent sarpa goýulýan maşgalada kemala geldi. Ene-mamalaryndan maşgalany dolandyrmagy, milli däp-dessurlarymyzy, her bir zenanyň ýaraşygy bolan el işlerini öwrendi. Ol beýleki işler bilen birlikde keçe güllemegiň, basmagyň tilsimlerini hem ussatlyk bilen ele aldy.

Merjen JORAÝEWA.