Paýhas ummanyndan tymsallar

23 Awgust 2023
777

Haýsy biri möhüm?..

Üç sany dana goýry kölegeli agajyň aşagynda oturyp, adama geçmişiň, häzirki wagtyň we geljegiň haýsy biriniň has gereklidigini kesgitlemekçi bolýarlar. Hawa, şonda olaryň birinjisi: — Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa, nädip biljek?! Geçmişde gulagyňda galan, öwrenen zatlaryň boýunça başarnykly bolunýar. Öňki gözüň ganan adamlaryňa bil baglap bilýärsiň, öň gören zadyňdan başyň çykýar. Şonuň üçinem adam üçin geçmiş has gerekli diýip hasap edýärin — diýipdir. Danalaryň ikinjisi: — Geçeni «geçdi» bil. Olar saňa nireden gerekli bolsun?! Adam geljegi bilen ýaşamalydyr. Geljek, belkem, maňa öňki görenlerime we ykrar edenlerime meňzemeýän täze bir zady aýan eder. Men şonuň bilen ýaşaryn, şonda geçmişsiz oňup bolýar — diýip, ol hem öz pikirini aýdypdyr. Danalaryň üçünjisi bulary ünsli diňläpdir-de ýylgyrypdyr. — Be, siziň ikiňiziň aýdýanyňyz hem biziň aňymyzda ýaşaýan düşünjeler we ýatlamalar. Geçmişiň yzda galdy. Geljegiň bolsa, entek seniňki däl. Adam şu güni bilen ýaşamaly. Adama şu gün has wajypdyr — diýip, ýaňky sowalyň anyk jogabyny aýdypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.