Söz sungatynyň seresi

22 Awgust 2023
1036

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda baý mazmunly medeni-ruhy mirasymyzy gorap saklamakda, döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýa üstünliklere beslenýär. Bu gün türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň hiç haçan könelmän, almaz daşy deý ýalkym saçýandygyny görkezýär. Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň beýik şahyryna sarpasynyň bir nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu medeni-seýilgäh toplumynyň Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat üçin nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we gözel bolmagy ugrunda alada edip, işleriň gidişini hemişe gözegçiliginde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde şahyra bagyşlap ýazan täze goşgusyny okap bermegi halkymyzda gyzgyn seslenme döretdi.

Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda türkmen halkynyň dili bolup sözlän şahyryň döredijiliginiň nesiller üçin gymmaty teswirlenýär. Goşgynyň her bendiniň içinden Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki çuňňur pikir-garaýyşlar, şygyr setirleriniň many-mazmuny eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligini tanyşdyrmakda hem ýaýbaňlandyrmakda uly hyzmatynyň bardygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Goşgynyň diňe bir bendine ýüzlenilende hem munuň şeýledigine göz ýetirmek bolýar. Meselem:

Zöhre REJEBOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.