Zenan dünýäsini bezeýän sungat

22 Awgust 2023
842

Keşdeçilik sungaty türkmeniň naýbaşy milli gymmatlygydyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýän keşde nagyşlarymyz köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu gadymy sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepis nusgalary bolup, nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Türkmen zenanlarynyň döredýän keşdeçilik sungatynyň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, olaryň nepisligi, gözelligi, berkligi bilen tapawutlanmagyndadyr.

Keşde egin-eşiklerde esasy orny eýeleýär. Zenan lybaslarynyň arasynda keşde bilen bezelip-bejerilen başatgyçlar aýratyn bellärliklidir. Milli başatgyçlaryň biri-de kürtedir. «Kürte» sözi «bürde» diýen arap sözüniň üýtgän görnüşidir. Arap dilinde ol ýeňsiz üstki geýimiň adydyr. Ol zenanlaryň toý-dabaralarda ulanýan başatgyjydyr.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.