Alaja — ak bagta ynanç

22 Awgust 2023
765

Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, çeper el işleri ilkinji gezek zatlary bejermekden, olaryň ýüzüne her hili nagyşlary çekmekden, soňabaka bolsa, köp zatlary diňe nagyş bilen döretmekden başlanypdyr. Syýahatçylaryň ýazgylary, arheologik barlaglaryň netijeleri, muzeýlerde saklanylýan tapyndylar aýal-gyz kespleriniň has gadymy döwürlerde-de bolandygyny görkezýär.

Aýal-gyzlaryň el işleriniň örän köp taraply bolşy ýaly, ene dilimizde şol kespler bilen baglanyşykly sözler-de, söz düzümleri-de kändir. Zenanlarymyzyň gol başarnyklarynyň iň ýönekeýjesi hasaplanýan alajalary alyp göreliň. Ony el işleriniň ilkinjileriniň biri hasap etse-de bolýar.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.