Pyragynyň aýak basan ýerleri

21 Awgust 2023
779

Meniň çagalyk döwrümiň köp bölegi ady şan-şöhrata beslenen türkmeniň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň waspyny ýetiren jülgeli, dagly, çeşmeli, bagly-bakjaly ýerlerinde, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Tutlygala, Gerkez we beýleki obalarynda geçdi. Şahyryň goşgularynda taryplap ýazan tebigatynyň gözelligi hakykatdanam şeýle. Bu täsin ýerler, beýikli-pesli, dürli şekilli, reňkli, gowakly daglar, gök öwsüp oturan baýyrlyklar, jeňňellikler Sumbar derýasy bilen ajaýyp gözelligi emele getirýär.

Meniň dana Pyragynyň şol aýak basan ýerleriniň gözelligi barada söz açasym geldi.

Mähri MÄMMEDOWA,
«Türkmengaz» DK-nyň baş hünärmeni, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.