Medeni hem-de müdimi miras

20 Awgust 2023
1290

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary baha berilýän medeni miras örän giň düşünje, oňa halkyň döreden ruhy hazynasy hem, maddy gymmatlyklary hem girýär. Biziň söhbedimiz şolaryň bir görnüşi bolan alaja barada. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa milletiň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünärinden dörän nepis alajalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu alajalar geljek nesillere Ogulabat ejemizden ýadygärlik bolup galar. Ajaýyp muzeýler gözellikleriň goragçysy. Muzeý işgärleri olary gorap, apalap saklap, geljekki nesillere ýetirmek üçin alada edýärler.

Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan nepis keşdeler, halylar, çagalaryň, gelinleriň egin-eşiklerine, boýunlaryna dakylýan dürli görnüşli alajalar hem muzeýlerde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Gahryman

Gurbanjemal YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.