Parasatlylygy terbiýeleýän oýun

18 Awgust 2023
538

Türkmen milli oýunlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň biridir. Şolaryň biri hem ýüzük ýa-da keçe-keçe oýnudyr. Bu oýun halkymyzyň gadymy oýunlarynyň biri bolmak bilen, esasan toý dabaralarynda oýnalýar. Ol sport oýunlarynyň milli görnüşleriniň biri bolup, özüne çekiji, gyzykly, çekeleşikli häsiýeti bilen toýlaryň bezegi bolupdyr we adamlaryň wagtyny şadyýan geçirmegine ýardam beripdir.

Oýun oýnalanda bukmak üçin ele sygaýjak ýüzük, kiçiräk çakgy ulanylyp, ony başga zatlar bilen çalyşmazlyklary we berk ýatda saklamaklary üçin ilkibaşda hemme oýunçylara görkezýärler. Soňra ýüzük bijesi çykan toparyň ýaşulusyna berilýär. Oýna gatnaşýanlar deň ikä bölünip, toparlaryň her biriniň düzümindäki oýunçylaryň sany toýlarda bu oýna goýulýan baýraga baglylykda 10 – 15 we şondan hem köp bolupdyr. Toparlaryň oýunçylary halka gurap, biri-biriniň garşysynda oturýarlar. Her toparyň oýundan gowy başy çykýan tejribeli ýolbaşçysy bolýar. Bijesi çykan toparyň oýunçylary halka gurup, onuň ýolbaşçysy ýüzügi alyp, elinde görünmez ýaly gizleýär. Ol şonda elini berk ýumýar ýa-da goluny ýeňiniň içine salýar. Toparyň ýolbaşçysy şol ýüzükli elini hataryň ugry boýunça öz oýunçylarynyň hemmesiniň goltugyna sokup, ýene elini öňküsi ýaly, ýüzügi kimde goýanyny bildirmän, yzyna çekýär. Şeýdip, ol öz toparynyň oýunçylarynyň has durnuklysynda, paýhaslysynda ýüzügi goýýar ýa-da özünde saklaýar. Soňra ýüzügi gizläp bolandygyny aýdyp, özi hem bir çetde oturýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.