Ýagşydan at galar

19 Iýul 2023
617

BILIME BAGYŞLANAN ÖMÜR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, dürli ulgamlarda işläp at-abraý gazanan şahsyýetlerimizi hormatlamak, olaryň durmuş ýollaryny öwrenmek, nusgalyk işlerini ýaş nesillere ýetirmek işlerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýatlanylmaga, bitiren işleri öwrenilmäge hem-de wagyz edilmäge mynasyp adamlaryň biri-de geçen asyryň 60 — 80-nji ýyllarynda bilim ulgamyny ösdürmekde diňe bir Murgap etrabynda däl, eýsem, tutuş Türkmenistan döwleti boýunça giňden tanalan, uly sylag-hormatlara eýe bolan Gurbanmyrat Geldiýewdir.