Tara we taraçy

21 Aprel 2023
486

Tarada dokalýan önümlere, olaryň köp dürli görnüşlerine we hiline garamazdan, keteni, gyrmyzy diýilýär. Keteni diýmek gyrmyzy, gyrmyzy diýmek hem keteni diýmegi aňladýar.

Keteni geýimlikler üçin 30 — 34 santimetr inlilikde (ýagny bir garyşda agsak sere), saçyň tary ýaly inçe ýüpekden niçeme tarlar (erişler) ýüwürtmeli. Ol tarlary ýekeme-ýeke gülelerden geçirmeli. Soň ol tarlary jübüt-jübüt sazdan geçirmeli. Güleler (küjüler), tarlaryň sany näçe bolsa, şol tarlary göterip durýarlar. Gozakda duran aýaklaryň bilen gezekme-gezek üzeňňä basanyňda, tarlaryň (erişleriň) arasy açylýar, eliň bilen argaçly mäkini tarlaryň arasyndan geçirmeli. Saz bularyň hemmesini sazlaşdyryp, ýüpegiň tarlary dokalýar, ajaýyp keteniler emele gelýär. Bu ajaýyp sazlaşyga «tara dokamak» diýilýär. Dokaýanlara bolsa «taraçy» diýilýär.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.