Agzybirligiň we jebisligiň baýramy

20 Aprel 2023
369

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen Oraza baýramy giňden bellenilýär. Munuň özi berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak babatdaky beýik işleri dabaralandyrýar.

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip,  wasp eden bu ajaýyp aýynyň nurana baýramyny milli däplerimiz esasynda bellemek üçin döredilýän şertler bolsa ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşiniň aýdyň keşbini görkezýär.

Ogulsuraý RAMAZANOWA,
Aşgabat şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.