Halkymyzyň ruhy-ahlak däpleriniň dowamatlylygy

20 Aprel 2023
395

Täze taryhy eýýamda gadymdan gelýän milli däplerimizi aýawly saklamak, jemgyýetde milletiň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

18-nji aprelde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.