ORAZA BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

20 Aprel 2023
580

2023-nji  ýylyň  21-nji  aprelinde  türkmen  topragynda  her  bir  ynsanda    ahlak  arassalygyny, sabyr-kanagatlylygy, şükranalygy,  ruhy  tämizligi   terbiýeleýän  mukaddes   Oraza  baýramy  döwletli ojaklary  mähri  bilen  ýyladar.  Oraza  aýy   Gündogar  halklarynyň   köpüsiniň  taryhy-medeni  kökleriniň  umumydygyny  kesgitleýän,  ynsanlary  biri-birine  ýakynlaşdyrýan, ahlak  päkliginiň  dessurlary  berjaý  edilýän  ajaýyp  günleri  öz  içine  almak  bilen,  onuň   ynsanperwerlikde, agzybirlikde  garşylanmagy   türkmen  halkynyň  parahatçylyk  söýüji  ösüş ýolundan  batly  gadamlar  bilen  barýandygynyň  subutnamasydyr.

Oraza  baýramynyň  saba-säherleri  ýagşy  dilegler bilen  başlanar. Milli  däp-dessurlarymyza  görä, her bir  adam  baýramçylyga  niýetläp  tikinen  täze  lybaslaryny  geýer. Desterhanlar   milli  tagamlar bilen  bezeler. Oraza  aýynyň  mukaddesligi  bilen  nurlanan  kalplar  biri-birini  gutlamaga  howlugar. Ene-mamalarymyz  bu  gün: «Öten-geçenleriň  ruhlary  hem  duýarmyş»  diýip,  dürli  tagamlar  bişirip,  ys  çykararlar. Soňra  bu  tagamlary  goňşy-golamlara  paýlarlar. Metjitlerde  baýram  namazy  okalyp, mukaddes  ýerlere  zyýarat  edilip, türkmen  halkynyň   Milli Lideri,  Gahryman  Arkadagy, Arkadagly  Serdary   bilen  birlikde  Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  bagtyýar  durmuşda,  asuda  asmanyň  astynda  ýaşamagy  üçin  ýagşy  arzuw-niýetlere  beslenen   doga-dilegler  ediler.

«Zenan kalby».