Milli mirasym — baýlygym

19 Aprel 2023
314

Halkymyzyň ajaýyp nepis sungatynyň asyrlara aşyp, biziň şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümize gelip ýetmegi üçin ata-babalarymyz öz döreden sungatlaryny örän nepislik we ajaýyplyk bilen ýerine ýetiripdirler. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýerleşdirilen nusgawy eserler munuň hakykatdan hem şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Şol eserleriň arasynda ussat halypa suratkeşlerden Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýarly Baýramowyň, Annadurdy Almämmedowyň, Babageldi Owganowyň, Yzzat Gylyjowyň, Işanguly Işangulyýewiň döredijiligine degişli eserler köpleriň ünsüni çekýär. Şolaryň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň türkmeniň nesilbaşysy bolan Oguz han atamyza bagyşlap döreden uly göwrümli «Oguz han» atly ajaýyp eseridir. Bu işiň merkezinde milli eginbaşly gyzyl geýimde Oguz han atamyz bolup, onuň sag we çep gapdalynda alty oglunyň keşbi ýerleşdirilendir.

Oguz han atamyzyň arka tarapynda tagtynyň üstünde ýerleşdirilen haly Masson tarapyndan gadymy Altaý dagynyň depesinden tapylan gadymy «Pazyryk» halysynyň şekilidir. Bu haly 1948-nji ýylda tapylyp, onuň ýüzündäki nagyşlar we şekiller halynyň gadymy türkmenlere degişlidiginden habar berýär. Onuň ýüzündäki nagyşlar we şekiller, halynyň çarçuwasyndaky aýlanyp duran sugunly esgerleriň şekilleri bir günüň dowamyndaky 24 sagady we Oguz han atamyzyň alty oglundan 24  agtygyny aňladýar we ondaky nagyşlar Oguz han atamyzyň tagmalary bilen baglanyşykly bolup durýar. Eserde nesilbaşymyzyň tagtynda ýerleşdirilen öküziň we möjegiň kellesiniň şekili hakda aýtsak, öküz Oguz han atamyzyň oňony, möjek bolsa öňbaşçysy diýen taryhy maglumatlary açyp görkezýär. Şeýle eserlerden başga-da birnäçe halypa suratkeşleriň millilik bilen baglanyşykly ajaýyp eserleri muzeýiň baýlygyny artdyrýar.

Yhlasmyrat ILÝASOW,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri.