Asman gudraty — ylahydan berlen gudrat

19 Aprel 2023
433

örküni bedewe baglan türkmeniň durmuşyna täzeçe aň ýetirmegiň nusgasy bolan kitaplar hakynda söz

Kitapdan gowy sowgat barmyka?! Elbetde, ýok. Gowy kitap ynsan ýüreginde hormatly ornuny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplary milli gymmatlyklarymyza meşhurlyk getirdi. Bu eserler diňe bir türkmen ili däl, eýsem, bedewleri söýýän dünýä okyjylary tarapyndan eý görlüp okalýar. Halkymyzyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny adamyň tebigat bilen bitewiligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslarda açyp görkezýän bu eserler biri-biriniň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Iň bir buýsandyryjy ýeri hem maglumatlara baýdygy bilen has-da haýran galdyrýar. Milletimiziň taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde adamzat medeniýetiniň ösüşini öwrenmekde hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri baradaky eserleri taýsyz gollanma bolup hyzmat edýärler. Hut şonuň üçin hem eserleriň wagt geçdigisaýyn gymmaty artýar. Taryhymyzy öwrenmekde bolsa olar tapylgysyz gollanmalardyr.

Ilmyrat DÖWLETOW.