Türk­men ha­ly­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ryň ýyl ýaz­gy­la­ryn­da

16 Aprel 2023
521

Ha­ly­çy­lyk türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň has ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu in­çe ne­pis sun­gat öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ki­ta­byn­da: «Türk­men top­ra­gyn­da bo­lan dün­ýä bel­li alym­lar, ja­han­keş­de­ler sun­gat tä­sin­lik­le­ri­ne eý­le­nen türk­men ha­ly­sy­nyň ja­dy­laý­jy güý­je eýe­di­gi­ni ýaz­gy­la­ryn­da gaý­ta-gaý­ta ýat­lap ge­çip­dirler» di­ýip bel­le­ýär.

Ha­ly ba­ra­da­ky ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri, hu­su­san-da, XVIII—XIX asyr­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan gal­dy­ry­lyp­dyr. Olar­dan 1831 — 1832-nji ýyl­lar­da Merw­de bo­lan A.Bors­ny, şeý­le-de dür­li ýyl­lar­da ýur­du­my­za sy­ýa­hat eden Eýh­wal­dy (1825 ý.), N.N.Mu­raw­ýe­wi (1825 ý.), G.S.Ka­re­li­ni gör­kez­mek bo­lar. Aý­ra­tyn-da sy­ýa­hat­çy, wen­ger aly­my A.Wam­be­ri bu ugur­dan köp mag­lu­mat­la­ry gal­dy­ryp­dyr. Ol öz sy­ýa­ha­ty­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça çap et­di­ren ma­te­rial­la­ryn­da türk­men­le­riň dok­ma­çy­lyk, zer­gär­çi­lik, hu­su­san-da, ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň iň­ňän öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, örän us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän şol se­ne­diň deň­siz-taý­syz­dy­gy­ny bel­läp­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­ny, şol san­da, ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny öw­ren­mek­de gün­do­ga­ry öw­re­ni­ji rus alym­la­ry­nyň ara­syn­dan K.M.Ob­ru­çe­wiň, W.I.Mas­sais­ki­niň we I.Ý.Dmit­riýew — Kaw­kazs­ki­niň iş­le­ri­ni ag­za­mak bo­lar.

Ar­zuw BE­KI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ryh fa­kul­te­ti­niň ar­heo­lo­gi­ýa we et­no­lo­gi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.