Magtymguly we «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar»

13 Aprel 2023
558

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Ýolugra bahar paslynyň ýakymly howasynyň ähmiýeti barada,  şäheriň ekologik meseleleri barada gürrüň berip barýarka, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň seleňläp görünýändigini, dag etekleriniň özboluşly gözelliklerini nazara alyp, bu ýerdäki köpriniň bezeg işlerinde şu sazlaşygyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz hormaty durmuşy işlerinde we ajaýyp eserlerinde has aýdyň şöhlelenýär. 6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek barada beren görkezmesi hem bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy.

Ynha, elimizde Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp eseri. Öň bu eseri telim gezek okan hem bolsak, ýene elimize alanymyzy kem görmeýäris. Çünki bu eserde pederlerimiziň milli häsiýetine, ýol-ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň durmuş gollanmasy hökmünde sygnyp okaýan akyldar şahyry Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenilýär. Gozgalan gürrüňi Magtymgulynyň pelsepesi bilen berçinlenilýär.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».