Zergärçilik sungatyna bagyşlanan neşir

13 Aprel 2023
491

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi köp ýyllaryň dowamynda toplanan we öwrenilen milli zergärçilik sungatyna degişli bezeg önümleri barada kitap taýýarlady. Ol «Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary» ady bilen çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Halkymyzyň baý medeni mirasy, senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary zehiniň we zähmetiň kämil sazlaşygyny özünde jemlemek bilen, türkmenleriň zenanlara goýýan sarpasynyň örän belentdigini tassyklaýar. Munuň özi köpöwüşginli gözelligiň, durmuşa söýginiň aýdyň nyşany bolup, göwünlere ylham paýlaýar» diýip belleýşi ýaly, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary türkmenleriň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär.

Bu gymmatlyklaryň gadymy hem haýran galdyryjy häzirki zaman nusgalary milli medeniýetiň, halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Iň kämil derejä ýeten amaly-haşam sungatynyň bir görnüşi-de zergärçilikdir. Halkyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary» atly kitapda Döwlet muzeýiniň gaznasynda aýawly saklanýan, hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän, XIX we XX asyrlaryň başynda ýasalan milli zergärçilige degişli gymmatlyklar barada maglumat berilýär. Halkymyzyň baý medeni mirasynyň gymmatly nusgalarynyň daşary ýurtly okyjylara-da elýeterli bolmagy üçin kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.