Bir ata aşygam...

12 Aprel 2023
312

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Megerem, biz entek nähili gymmatly baýlyga eýedigimize doly akyl ýetirýän däldiris. Biziň tebigy genji-hazynamyzdan başga-da, bu baýlyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän döredijilik güýç-gaýratyndan, onuň öz Watanyna wepalylygyndan we şol topragy özgertmek ukybyna eýediginden ybaratdyr» diýip, türkmen bedewlerine bolan sylagyň, hormatyň uludygyny äşgär edýär.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda-da behişdi bedewlerimize aýratyn orun berilýär. Magrupy şahyrda şeýle ajaýyp bir goşgy bar. Ol goşgynyň ýekeje setiri bedew atyň aýdymlyk söhbedini bize ýetirýär: «Bir ata aşygam, bir-de gözele». Bu setiriň üsti bilen şahyr türkmen ýigidiniň merdana häsiýetini orta çykarýar.

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.