Edebimiz hem däbimiz

11 Aprel 2023
546

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna görä, her bir gyzyň başynda öz keşdelän tahýasy bolmaly eken. Gültahýalar gupbaly we gupbasyz, şaýly we şaýsyz geýlipdir. Gyzlaryň tahýasy altyn-kümüş gupbalar bilen has hem özboluşly görünýär. Ulugyzlar tahýalary saçlaryny iki örüp, öňüne atyp geýýärler. Ýaş gyzjagazlar bolsa, şaýsyz gupbajyklar oturdylan tahýalar geýipdirler. Gyz durmuşa çykanda, toý gününiň ertesi gelne baş salnanda, iki örüm saçlary üçin sylag-serpaý ýetirilip, arka atmak bilen, onuň başgabyny aýalyňky bilen çalşypdyrlar. Bu däbe «baş salma» diýilýär. Baş salnanda tahýa iň ýakyn garyndaşlarynyň biri bolan öýlenýän ýigidiň gyz jigisine sowgat berlipdir.

Tahýa geýip ulalan adam ýaşlykdan ünsli bolup ýetişýär. Tahýalaryň nagyşlary dogry we göwnejaý ýerleşdirilişi, hili, nepisligi, reňkleriniň saýhallylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen zenanlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetirýän nagyşlarynyň her biriniň aýratyn manysy bar. Ýurdumyzyň Ahal, Mary sebitlerinde «gülýaýdy», «tegbent» nagyşlary salnan tahýalar ýörgünlidir.

Aýnabat SAPAROWA.