Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhyndan

11 Aprel 2023
595

Ahalteke atlary dünýäniň beýleki atlarynyň arasynda iň gadymy tohum at bolup, sap arassa ganlylygy, duýgurlygy, owadanlygy we ýyndamlygy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewleriniň syna-sypaty, berk bedenliligi, ýyndamlygy, uzak ýörişlere çydamlylygy dünýäni haýrana goýýar.

Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ahalteke bedewiniň şanyna aýdylýan taryply sözler hem geçmişiň bize galdyran mirasydyr. Çünki bedewlerimiziň ylahydan berlen gudratdygyny duýanyňda, olary wasp edip, kalbyň joşýar, gursagyň guwançdan dolup, ýüregiň barha batly gürsüldeýär» diýip nygtaýar.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.