Keçe — könelmeýän gadymy senet

11 Aprel 2023
513

Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan el senedi bolan türkmen keçelerine uly orun degişlidir. Irki döwürlerden bäri halkymyz öz durmuşynda keçe we keçe önümlerine juda uly gadyr-gymmat goýupdyr. Hojalykda keçe önümlerine bolan islegiň artmagy olaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolmagyna we bu senediň kämilleşip, sungat derejesine ýetmegine getiripdir. Durmuşda ulanyş ýaýrawy boýunça keçe we keçe önümleri esasy orunda durupdyr. Olar ak öýlere düşek, atlara basyryk, içirgi, jul, ak öýlere durluk, üzük, serpik, keçeden düýehalyk, sandyklara örtgi, at keçe, sallançak keçe, namazlyk, dolak, keçe ädik, ojakbaşy, oýluk, keçeden bukjalar hökmünde giňden peýdalanylypdyr.

XIX asyrda türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar N.K.Murawýow, O.S.Karelin, M.G.Galkin we beýlekiler her bir türkmen öýüni owadan türkmen halylary bilen bir hatarda keçeleriň bezeýändigini belläp geçipdirler. Ahal türkmenleriniň etnografiýasyny öwrenen nemes alymy W.Keng öz işinde XIX asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň maldarçylyk bilen meşgul bolandyklaryny we olaryň durmuşynda keçäniň uly ähmiýetiniň bolandygyny ýazypdyr.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.