Çörekde eneleriň mähri bar

11 Aprel 2023
407

Çörek hakynda gürrüň edilende süňňüňe ýylylyk aralaşar. Çöregiň ýakymy, mukaddesligi, mähribanlygy kalbyňa mähir guýýar. Adamyň ömrüne hemdem bolýan çörek atly gudratly keramatda ýaşaýşyň özeni bar. Çörek bilen ýaşaýşy, ömri biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin hem mukaddesliklere gadyr goýýan halkymyz çörege sarpa goýşy ýaly, tamdyra-da, çörek bişirýänlere-de aýratyn hormat goýýar. Bu gün biz ömrüni çörek bişirip, ile-güne halal hyzmat eden göreldeli zenan Annajeren Sadykowa hakynda söhbet etmekçi. Annajeren gelnejemiz 1959-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ýedi gyzy, iki oglany dünýä inderen Ogulnabat ejäniň ömrüni çörek bişirmek ýaly asylly işe bagyşlamagy onuň gyzy Annajerene-de ýakymly täsir edýär. Ol ýaş çagadygyna garamazdan, ejesi hamyr ýugurmaga başladygy, kendirigiň başyndan aýrylman, onuň ähli hereketlerini synlap, ejesine gerek zatlaryny alyp berip, şol köwejeklär ýörer eken. Synçy ene gyzjagazynyň çörek bişirmäge bolan höwesini hemmelerden öň duýýar. Hamyr ýugrulyp, basyrylandan soňam ejesiniň haçan tamdyryň başyna çörek bişirmäge gitjekdigi hakynda gyzyklanyp, sowal baryny ýagdyryp, ynjalyk tapmaýan Annajeren çörek bişirmäge degişli bolan ähli zähmetleri ýaşajyk aňyna siňdirip başlaýar. Özi hakynda gürrüň bermegini haýyş edenimde Annajeren gelneje 12 ýaşynda wagty çörek bilen bagly bolan bir wakany gürrüň berdi.

— Ol wagtlar gapdaly sekili tamdyrlar bolardy. Ejem hem şol tamdyryň gyrasynda oturyp çörek ýapardy. Ejemiň tamdyra ot goýberişi, tamdyr agarýança garaşyşy, tamdyr mazaly agarandan soň onuň içindäki közleri tamdyryň ortasyna üýşürip, suw sepeläp, ody ölçerişi, çörekleri tizlik bilen dürtüşi şu wagt hem gözlerimiň öňünde janlanyp dur. Ejem meniň tamdyra diýseň höwesekligimi bilensoň, entek meniň bu işleri ederden ejizdigimi, çörek ýapmagyň meniň üçin hatarlydygyny ýatlatmasy hem ýöne ýerden däl eken. Maşgalamyz köplük bolany üçin öýümizde günaşa çörek bişerdi. Bir gün ejem hamyryny basyryp, sagada sereden badyna gapydan daýzam girdi-de, habarly gelendigini duýdurdy. Ejem daýzam bilen hassa soramaga baryp geljekdigini, tiz dolanjakdygyny aýdyp, gapyda duran daýzamlaryň ulagy bilen ýolagçy boldular. Meniň bolsa bar ünsüm hamyrdady. Ejem wagty bilen köwlenmänsoň, hamyr çişip, çanakdan çykyp barýardy. Öýde-de özümden başga hiç kim ýokdy. Men sekili tamdyra aýagymyň aşagyna kerpiç örüp mündüm-de, oňa ot goýberdim. Edil ejemiň edişi ýaly tamdyra-da, oda-da esewan edip başladym. Ejemiň ähli hereketlerini ýada salyp, olary gaýtaladym. Hamyrly çanaklary hem kynlyk bilen tamdyryň başyna getirdim. Ýöne çörekleri ejemiňkiden galyňrak ýaýypdym. Çörekleriň oda gaçaryndan howatyrym az däldi. Käýinje galaryn öýdüp, gorkmanam duramokdym. Wagty gelende ýüzümi ak ýaglyk bilen sarap, ejemiň edişi ýaly, ellikdir repideli tamdyryň agyzraklaryna — elimiň ýeten ýerlerine nan ýapyp başladym. Iki gözüm hem çörekleriň ýüzündedi. Ody ýiteliberende az-owlak suw sepeleýän, arasynda tamdyryň agzyny açyp görýän. Garaz çörekleri siňňin bişirdim. Tamdyrdan çykan çog ýaly nanlary ejemiň edişi ýaly edip, elimde sallarlap görüp olaryň siňňin bişendigine göz ýetirdim. Bişen çörekleriň arkalaryny pyçak bilen gazalap, saçagyň üstüne ýaýratdym. Ol barmana-da ejem jan ylgawyna ýetip geldi. Ol meniň bişiren çöreklerimi görüp, esli wagtlap doňup galdy. Soňra bolsa: «Jan gyzym, sen-ä bu çörekleri bal ýaly edip bişiripsiň, wah, meniň ýürekli gyzym, ezber gyzym, işeňňir balam!» diýip meni gujaklady. Bu sözlerden soň meniň çörek ýapmaga bolan höwesim hasam artdy — diýip, Annajeren gelneje ýakymly ýatlamalara gaplandy.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».