Şöhratly geçmişe syýahat etmekde taryhy muzeýleriň orny

11 Aprel 2023
427

Ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň taryhyny bilmek şu günümiziň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünmäge kömek edýär. Belent ösüşlere beslenen gözel Diýarymyzyň şöhratly taryhy hem, bagtyýar şu güni hem nesillerde buýsanç çeşmesidir. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalardan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi bagtyýarlyk döwründe has giň gerime eýe boldy. Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni-de ýurdumyzda hereket edýän muzeýler bolup durýar. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde aýdyň duýup bolýar. 

Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Muzeýlerimiz dürli taryhy gymmatlyklara baýdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we onuň milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin döreden mümkinçiliklerinden başlanan ýolçulyk hakyky taryhyň jümmüşine sary uzap gidýär. Halkymyzyň baý taryhyny ädimme-ädim, ýylma-ýyl diýen ýaly teswirleýän ýazgylar gadymy tapyndylar bilen aýdyň görkezilýär.