"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Bedewiň

Halkym bilen bagry bitin badaşan,Bile  ýürek urgusy bar bedewiň.Atasyndan soňra sorap-ideşen,Gadyrdany, çarwasy bar bedewiň. Görogly deý ärler münen bedew sen,Baýram güni toýa bile gider sen,Çapyşykda goşa göwre, beden sen,Giň meýdanly sagrysy bar bedewiň.

Gelse nowruz äleme

Her ýyl bahar gelende heniz çagakam, Tejen derýasynyň sag kenaryndaky inçejik ýoly külterläp, niredesiň Daýhangüzer diýip, günorta tarap ýola düşen ýazlagçylaryň arasynda daş-töweregiň gözelliklerinden doýman synlap barýanym ýadyma düşýär. Baharyň ýyly demi düşenden gül-gunça bolup açylýan gülleriň ysy, jürküldeşýän guş-gumrularyň, iki-ýana bökjekleýän owlak-guzularyň enaýyja sesleri meni täze bir dünýä düşen ýaly edýärdi. Uly joşgun bilen örän tiz dikilen çatmalar o diýen köp bolmasa-da, olar meniň gözüme uly bir syrgyn oba ýaly bolup görünýärdi. Wagtal-wagtal asmanda çal bulutlar lemmer aşyp, ozalam çygy ýetik topraga altyn däneleri seçende çarwalaryň begenjiniň goşalanýandygyny men şonda gördüm. Şol pursaty gözüň bilen görmeseň, beýan ederden kyn. Uzyn-uzyn kökene düzülen goýundyr geçileri sagmaga çykan gelin-gyzlaryň şadyýan gülküleri Nowruz günleriniň gözellikleri bilen utgaşyp, töwerege aýratyn bir ýakymly duýgyny serpaý ýapýardy. Baharyň ilkinji pursatlarynda bolup geçýän bu täsinlige maýyl bolan günlerimi ömrümiň iň bagtly pursatlary diýip pikir ederdim. Emma bütin äleme täzelenişi, joşguny, özgerişi bagyş edýän bahar ynsanyň her ýaşynda bir hili täsir edip, onuň kalbynda gözelligiň bütewi bir älemini emele getirýär eken.

Bahar bagtyň buşlugy (hekaýa)

Asuda akyp ýatan deňziň gujagyndaky ak guwlary ýadyňa salýan asmanyň ak bulutlary gündogara tarap süýşüp barýardy. Baglaryň şahalarynda patrak ýaly bolup oturan akja güller bolsa ýene howanyň sowamagyndan heder edýän ýaly çalaja sandyraýardylar. Sowukja şemal belent-belent daglaryň depesindäki heniz eremän ýatan garlaryň üstünden inen ýaly, ýaňaklaryňy dözümlilik bilen darap geçýärdi. Mart aýy bolany üçin daň saz beren wagty: «Bu gün-ä howa sowuk boljaga meňzeýär» diýdirýän howa, haý diýmänem, gowşap başlaýardy. Akgül oba ýerinde önüp-öseni üçin her gün ir säherden mal-garalaryna esewan etmäge çykýardy. Ol ene-atasynyň ýaşynyň soňunda dünýä inen ýalňyz gyzydy. Şonuň üçin hem hojalygyň ähli işine werziş bolan işeňňir gyz ähli işlerini dynyp, öýe girip nahar atarmaga, soňra bolsa agyr kürtäniň keşdesini dynmaga gyssanýardy. Oba arasynda durmuşa çykýan gyzlaryň ählisi Akgülüň keşdelän kürtelerini atynmaga höwesekdi. Sebäbi onuň çekýän keşdeleri göreni özüne bendi ederdi. Diýseň inçe çekilen, göýä diýersiň, janly güller ýaly, seredeniňde özüne kökerip duran nepis nagyşlar her bir gyz-gelniň islegini artdyrýardy.

Şygryýet älemi

Baharyň tenekar tämiz howasy Tämizlikde teşneligiň gandyrar,Baharyň tenekar tämiz howasy.Kalba ähli gowlugyny indirer,Baharyň tenekar tämiz howasy.

Ata kesbi (Hekaýa)

Säher bilen çäýnegine demlenen guşdyrnak gök çaýdan howlukman keýpini çaglan ýaşuly, seçelenip duran silkme telpegini başyna geýdi-de, ir bilen turup, özi bilen bile garynjygyny doýuran agtygy Kerwenjigi ýanyna alyp, bag ekmegi niýetlän atyzynyň bir gyrasyndan girdi. Sapardurdy aga Kerwenjigi beýleki agtyklaryndan has eý görýärdi. Belki-de, ol öz çagalygyny ýatladýanlygy üçindir. Her bir iş edende-de, onuň gyzyklanyp, berýän bilesigelijilikli sowallaryna irmezden, dürli tymsallar getirip, jogap bererdi. Kerwen düşbüje oglanjyk. Ol öýde kakasyna kömekleşýär, sypyndygy welin, atasynyň ýanyndan aýrylmaz. Onuň edýän işlerini synlap, öwrenjek bolup, sowal üstüne sowal berýär. Ony mekdepde mugallymlaram gowy görýär. Ähli berlen ýumuşlary dürs ýerine ýetirýär, sapaklara höwesjeň gatnaşýar.

Ene mähriniň gudraty (Durmuşy tymsallar)

Çagalyk döwrüm günleriň bir güni irden ejem meni oýarmaga dözmän, gapyny çalaja açyp gidipdir. Birden oýandym-da, ejemi gözläp daş çykdym. Ejem eli kiçijik kepjeli mellegimizde işläp ýören eken. Ýanyna bardym. Eýýäm ejemiň zähmet siňdiren ýeri gül ýaly bolupdyr. Mellegimizdäki bag-bakjalar gök öwsüp otyr. Şonda ejem maňa: «Balam, bir agaç ençeme menzillerden görüner» diýilýändir. Säher-saba bilen bag-bakjalykda işlemäge endik etseň, ömürboýy süňňüň sagat bolar» diýdi. Ejemiň bu aýdan pendini men jäht tutup ýörün.

Arşyň ýalkymynda — Nowruz!

Joşup gelen nowbaharlar topragyň nur-sahawaty,Ýalkym saçýan ak säherler ak ýollara röwşen ýagty,Baky sowulmaz baharlar ulus-illeriň ak bagty,Sähra-düzleriň hümmeti, ýazlaň ylhamynda — Nowruz,Watan — Arkadag sungaty, Arşyň ýalkymynda — Nowruz! Ýaýlalara rysgal bolup, ýagmyr ýagyp, çaýlar akar,Bu topraga ykbal bolup, gök gümmürdäp, dowul kakar,Bir üýtgeşik ahwal bolup, güle dolar baky bahar,Ýazlar — pasyllaň jenneti, Hakyň ýalkawynda — Nowruz,Watan — Arkadag sungaty, Arşyň ýalkymynda — Nowruz!

Gözelligiň nusgasy

Ýakymyny diýsene bu günleriň!Bagtdan gülýär dideleriň — gözleriň,Getiripsiň bu gün ysyn gülleriň,Täze günleň buşlukçysy, Nowruzym! Ýüregim «Baharyň waspyn et!» diýýä,Çünki ol müň öwgä, tarypa degýä, Bu gün seň şanyňa toý tutýar dünýä,Täze günleň buşlukçysy, Nowruzym!

Ýazyň ýaraşygy

Bulut gelip, al-asmany bürenip,Merjen dänelerin seçip başlady.Şemalyň ugruna baglar yranyp, Ile Nowruz gelenini buşlady. Gunçalar çyzylyp, ýylgyryp bakýar,Gülälekler yranyşyp näz edýär.Yşka düşen bilbil nagmasyn kakyp,Gülleriň şanyna ajap saz edýär.

Nowruz geldi öýümize (hekaýa)

Töweregimizde bolup geçýän ähli zatlaryň biziň çaga dünýämize öz täsiri bardy. Çaga bolsagam ulularyň edýän işlerine kömekleşmek, olardan görelde almak biziň guýmagursak endiklerimize öwrülipdi. Enem bilen ejem golaý jora ýalydy. Enem bir işe başlasa, ejemem hökman gapdalynda kömekleşerdi. Olaryň işlerini edip gutarýança, edýän özara gürrüňlerini hezil edip diňlemegem meniň üçin diýseň lezzetlidi. Gürrüňleriniň käbir ýerlerine düşünmesemem, olaryň ýanyndan aýrylybilmezdim. Ejemem: «Enesi, Hemranyň getiren bugdaýlaryny ýuwup taýýarlab-a goýdum, semenä diýip niýetläp. Özüňem bir görseň, az bolaýmasyn birden!» diýip, ejem eneme soragly serederdi. Enem: «Hawa, hawa, az bolaýmasyn goňşy-golamlara-da, garyndaşlara-da dadyrmasak bolmaz. Senem-ä indi ökdeläp barýaň gyzym, semenä. Tüweleme, şu gezek semenini öz arzuwyňa niýetläp taýýarla! Hany bakaly, semenimiz näme yşarat bererkä?! Belki Nowruz biziň öýümize geläýedi-dä!» diýip, ejeme seredip ýylgyrardy. Men bolsa bularyň syrly gürrüňleriniň manysyny çözläp bilmän, çaga kalbymdan: «Be, Nowruz kimkä?! Näme üçin ol bu ýyl biziň öýümize gelmeli däl? Ýa taýýarlygymyz gowy dälmikä?» diýip, gynanardym. Enem bilen ejem şol günden soň Nowruzyň gelerine taýýarlyk görüp ugrardylar. Ejem kakamyň getiren bugdaýlaryna her gün suw sepeleýärdi. Olary arassaja ýerde ýerleşdirip, joralarymy, hatda meni-de, şol bugdaýlaryň ýanyna goýbermezdi. Men enem

Magtymguly Pyragy. Duman peýda

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda.Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,Gögermedik gyýalar, gögerip rowan peýda,Ederler haýwanata hem sud-u zyýan peýda,Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda. Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň,Zemin sebzewar olup, teninden aýrylar zeň,Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,Sebze içre sandywaç ýüz dilde kylar äheň,Zemin hazarpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,Hyruja gelip älem, kylarlar pygan peýda.

Şygryýet çemeni

AŞGABADYM Okadym, erkin ýaýnadym,Gujagyňda, Aşgabadym!Gözelleň uzun saýladym,Çarbagyňda, Aşgabadym!

Kitap hikmeti (Rowaýat)

Gadym zamanlarda dünýäniň gözelliklerine aşyk bolan iki dost syýahat etmek maksady bilen ýola çykypdyrlar. Olaryň ýoly belent-belent daglaryň, deňiz-derýalaryň üstünden düşüpdir. Jahankeşdelik hyjuwy bilen ýadawlygy duýman barýan iki dostuň öňünden diwarlary asmana direlip duran belent gala çykypdyr. Galanyň içine giren ýigitler ol ýerde hiç kimiň ýokdugyny görüp, haýran galypdyrlar. Olar galanyň içi bilen gidip baryşlaryna, bagy-bossanlyga bürenip oturan ajaýyp köşgüň üstünden barypdyrlar. Köşgi-saraýa biraz çekinibräk giren iki dost ol ýerde hem hiç kime gabat gelmändir. Diwarlaryna tylla suwy berlip, nagyşlanan köşgi-saraýyň içinde aýlanyp ýören ýigitleriň ýokaryk uzalyp giden basgançaklara gözleri düşüpdir. Olar: «Ýokarda näme barka?» diýen bilesigelijilik bilen basgançaklardan galyp ugraýarlar. Şol baryşlaryna-da bir kümüş gapa duş gelýärler. Gapyny açyp, içerik girseler, otagyň içi üýşüp ýatan kümüş teňňelerden doly diýýär. Ýigitler ýanyndaky torbalaryny kümüş teňňelerden dolduryp, ýene ýokary çykyp ugraýarlar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir altyn gapy çykypdyr. Gapydan içeri girenlerinde, agzy açyk sandyklarda lowurdap duran altynlara gözleri düşüp, torbalaryndaky kümüş teňňeleri döküp, ýerini altyndan doldurýarlar. Görseler, basgançaklar ýene ýokaryk gidip otyrmyş. Olar: «Mundan ýokarda näme barka?» diýip, basgançaklaryň gutaran ýerine çenli baranlarynda, nämeden ýa

Diýarymyň ýüregi

Gül Diýaryň ýüregi —Aşgabat jan, Aşgabat.Ulus-iliň geregi —Aşgabat jan, Aşgabat. Daglaryň belent başy,Bilmen nijedir ýaşy,Göwherden zyýat daşy,Aşgabat jan, Aşgabat.

Baýrama beslenip geldi bu bahar

SemeniObadaky aýallarArzuw edip ýylboýy,Üýşüp satyn aldylarIki çelek bugdaýy. Soňra ony ekdiler,Her günem suw sepdiler.Maýsa gögerip çykdy,Işler başlanyp gitdi.

Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen setirleri

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň. ***

Çaga kalbynyň owazy

Bahar baýramy Bahar howasyGöwnüňi açýar.Kebelek baryÇar ýana uçýar.

Wepadarlyk (Hekaýa)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen alabaýlary wepalylygyň, edermenligiň, sagdynlygyň ýaranydyr.

Kim nähili kömek edýär? (Hekaýa)

Bir-birege, umuman, adamlara ýagşylyk islemek, kömek etmek we goldaw bermek barada mugallymlarymyz, ata-enelerimiz öwüt-ündew berýärler. Bir gezek synpymyzda bolup geçen waka bize uly sapak boldy. Mugallym sapak geçip otyrka, okuwçylara duýdansyz şeýle sowal berdi:

Sährajyk we ene (Hekaýa)

Öýleri mekdebe golaý bolansoň, Sährajyga diňe uly ýoly kesip geçäýmek galýardy. Ol mugallymlarynyň öwredişi ýaly, ýaşyl çyra ýanýança garaşýardy. Hatda joralaryna-da ýoldan geçmäge kömek ederdi. Ol indi 2-nji synpda okaýardy. Bu gün mekdepden öýlerine barýan Sährajygyň gözi ýoluň ugrunda duran garry enede eglendi. Garrynyň ýoldan geçip bilmän durşuna nebsi agyrdy. Ene uly ýoluň gyrasynda taýagyna söýenip, uzak durdy. Ýolyşygyň çyralary ýanýardy, öçýärdi. Kütelişen gözleri bilen çyralaryň reňkini anyklaýança, maşynlar herekete geläýýärdi. Elindäki torbajygyny ýadap, ýerde goýýardy. Ýadawlykdan ýaňa uludan-uludan dem alýardy.