Gelse nowruz äleme

21 Mart 2021
897

Her ýyl bahar gelende heniz çagakam, Tejen derýasynyň sag kenaryndaky inçejik ýoly külterläp, niredesiň Daýhangüzer diýip, günorta tarap ýola düşen ýazlagçylaryň arasynda daş-töweregiň gözelliklerinden doýman synlap barýanym ýadyma düşýär. Baharyň ýyly demi düşenden gül-gunça bolup açylýan gülleriň ysy, jürküldeşýän guş-gumrularyň, iki-ýana bökjekleýän owlak-guzularyň enaýyja sesleri meni täze bir dünýä düşen ýaly edýärdi. Uly joşgun bilen örän tiz dikilen çatmalar o diýen köp bolmasa-da, olar meniň gözüme uly bir syrgyn oba ýaly bolup görünýärdi. Wagtal-wagtal asmanda çal bulutlar lemmer aşyp, ozalam çygy ýetik topraga altyn däneleri seçende çarwalaryň begenjiniň goşalanýandygyny men şonda gördüm. Şol pursaty gözüň bilen görmeseň, beýan ederden kyn.

Uzyn-uzyn kökene düzülen goýundyr geçileri sagmaga çykan gelin-gyzlaryň şadyýan gülküleri Nowruz günleriniň gözellikleri bilen utgaşyp, töwerege aýratyn bir ýakymly duýgyny serpaý ýapýardy. Baharyň ilkinji pursatlarynda bolup geçýän bu täsinlige maýyl bolan günlerimi ömrümiň iň bagtly pursatlary diýip pikir ederdim. Emma bütin äleme täzelenişi, joşguny, özgerişi bagyş edýän bahar ynsanyň her ýaşynda bir hili täsir edip, onuň kalbynda gözelligiň bütewi bir älemini emele getirýär eken.

Nowruz GURBANMYRADOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar