Bahar bagtyň buşlugy (hekaýa)

21 Mart 2021
980

Asuda akyp ýatan deňziň gujagyndaky ak guwlary ýadyňa salýan asmanyň ak bulutlary gündogara tarap süýşüp barýardy. Baglaryň şahalarynda patrak ýaly bolup oturan akja güller bolsa ýene howanyň sowamagyndan heder edýän ýaly çalaja sandyraýardylar. Sowukja şemal belent-belent daglaryň depesindäki heniz eremän ýatan garlaryň üstünden inen ýaly, ýaňaklaryňy dözümlilik bilen darap geçýärdi. Mart aýy bolany üçin daň saz beren wagty: «Bu gün-ä howa sowuk boljaga meňzeýär» diýdirýän howa, haý diýmänem, gowşap başlaýardy.

Akgül oba ýerinde önüp-öseni üçin her gün ir säherden mal-garalaryna esewan etmäge çykýardy. Ol ene-atasynyň ýaşynyň soňunda dünýä inen ýalňyz gyzydy. Şonuň üçin hem hojalygyň ähli işine werziş bolan işeňňir gyz ähli işlerini dynyp, öýe girip nahar atarmaga, soňra bolsa agyr kürtäniň keşdesini dynmaga gyssanýardy. Oba arasynda durmuşa çykýan gyzlaryň ählisi Akgülüň keşdelän kürtelerini atynmaga höwesekdi. Sebäbi onuň çekýän keşdeleri göreni özüne bendi ederdi. Diýseň inçe çekilen, göýä diýersiň, janly güller ýaly, seredeniňde özüne kökerip duran nepis nagyşlar her bir gyz-gelniň islegini artdyrýardy.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar