Nowruz geldi öýümize (hekaýa)

21 Mart 2021
1114

Töweregimizde bolup geçýän ähli zatlaryň biziň çaga dünýämize öz täsiri bardy. Çaga bolsagam ulularyň edýän işlerine kömekleşmek, olardan görelde almak biziň guýmagursak endiklerimize öwrülipdi. Enem bilen ejem golaý jora ýalydy. Enem bir işe başlasa, ejemem hökman gapdalynda kömekleşerdi. Olaryň işlerini edip gutarýança, edýän özara gürrüňlerini hezil edip diňlemegem meniň üçin diýseň lezzetlidi. Gürrüňleriniň käbir ýerlerine düşünmesemem, olaryň ýanyndan aýrylybilmezdim. Ejemem: «Enesi, Hemranyň getiren bugdaýlaryny ýuwup taýýarlab-a goýdum, semenä diýip niýetläp. Özüňem bir görseň, az bolaýmasyn birden!» diýip, ejem eneme soragly serederdi. Enem: «Hawa, hawa, az bolaýmasyn goňşy-golamlara-da, garyndaşlara-da dadyrmasak bolmaz. Senem-ä indi ökdeläp barýaň gyzym, semenä. Tüweleme, şu gezek semenini öz arzuwyňa niýetläp taýýarla! Hany bakaly, semenimiz näme yşarat bererkä?! Belki Nowruz biziň öýümize geläýedi-dä!» diýip, ejeme seredip ýylgyrardy. Men bolsa bularyň syrly gürrüňleriniň manysyny çözläp bilmän, çaga kalbymdan: «Be, Nowruz kimkä?! Näme üçin ol bu ýyl biziň öýümize gelmeli däl? Ýa taýýarlygymyz gowy dälmikä?» diýip, gynanardym.

Enem bilen ejem şol günden soň Nowruzyň gelerine taýýarlyk görüp ugrardylar. Ejem kakamyň getiren bugdaýlaryna her gün suw sepeleýärdi. Olary arassaja ýerde ýerleşdirip, joralarymy, hatda meni-de, şol bugdaýlaryň ýanyna goýbermezdi. Men enem bilen bileje girip görerdim. Bugdaýlar pyntyklap ugrardy. Ejem welin, oňa her gün suw sepelemäni unutmaýardy. Bir gün enem gözümiziň göreji ýaly ösdürip oturan bugdaýymyzyň ählisini üwetdi-de, uly gazana salyp, nahar ataran ýaly atardy. Ejem uzakly gün gazanyň başyndan aýrylmady. Enemem gazanyň ýanyndady. Hatda goňşymyz Gerek gelneje-de, ejemiň kepgirini eline alyp, gazanyň içinde eýläk-beýläk gezdirýärdi. Maňa-da: «Bar guzym, çagalar bilen oýna» diýen bolýardy. «Nowruz geläýse, görübem bilmerin onsoň» diýip, näme diýselerem, ejemiň gapdalyndan aýrylmanjyk oturardym. Enem bolsa hemişekisi ýaly üýtgeşik hekaýatlaryny süýjüdip gürrüň bererdi. Enemiň gürrüňlerini diňlemek maňa diýseň ýakymlydy. Enemiň ýeňsiz güpbüsine dolanyp, gürrüňlerini, ýomaklaryny diňläp oturyşyma Nowruzyň nähilidigini göz öňüme getirjek bolardym.

Enejan ANNADURDYÝEWA.
Beýleki habarlar