Kitap hikmeti (Rowaýat)

20 Mart 2021
936

Gadym zamanlarda dünýäniň gözelliklerine aşyk bolan iki dost syýahat etmek maksady bilen ýola çykypdyrlar. Olaryň ýoly belent-belent daglaryň, deňiz-derýalaryň üstünden düşüpdir. Jahankeşdelik hyjuwy bilen ýadawlygy duýman barýan iki dostuň öňünden diwarlary asmana direlip duran belent gala çykypdyr. Galanyň içine giren ýigitler ol ýerde hiç kimiň ýokdugyny görüp, haýran galypdyrlar. Olar galanyň içi bilen gidip baryşlaryna, bagy-bossanlyga bürenip oturan ajaýyp köşgüň üstünden barypdyrlar.

Köşgi-saraýa biraz çekinibräk giren iki dost ol ýerde hem hiç kime gabat gelmändir. Diwarlaryna tylla suwy berlip, nagyşlanan köşgi-saraýyň içinde aýlanyp ýören ýigitleriň ýokaryk uzalyp giden basgançaklara gözleri düşüpdir. Olar: «Ýokarda näme barka?» diýen bilesigelijilik bilen basgançaklardan galyp ugraýarlar. Şol baryşlaryna-da bir kümüş gapa duş gelýärler. Gapyny açyp, içerik girseler, otagyň içi üýşüp ýatan kümüş teňňelerden doly diýýär. Ýigitler ýanyndaky torbalaryny kümüş teňňelerden dolduryp, ýene ýokary çykyp ugraýarlar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir altyn gapy çykypdyr. Gapydan içeri girenlerinde, agzy açyk sandyklarda lowurdap duran altynlara gözleri düşüp, torbalaryndaky kümüş teňňeleri döküp, ýerini altyndan doldurýarlar. Görseler, basgançaklar ýene ýokaryk gidip otyrmyş. Olar: «Mundan ýokarda näme barka?» diýip, basgançaklaryň gutaran ýerine çenli baranlarynda, nämeden ýasalandygy belli bolmadyk, ýöne dürli öwüşginde nur saçyp duran bir üýtgeşik gapa duş gelýärler. Gapyny açyp, içerik girenlerinde, tekjelerde tertiplenip goýlan kitaplardan başga zat görmändirler. Ýigitleriň biri bu kitaplara biparh seretse, beýlekisi: «Bu kitaplar kümüşdenem, altyndanam ýokarda goýlan bolsa, bularda bir hikmet bolmaly» diýip, torbasyndaky altynlary döküp, ýerini kitaplardan doldurýar. Ýoldaşy onuň bu eden işini akylsyzlyk hasap edýär. Ýöne soňunda kimiň nähilidigini durmuş görkezýär. Altyn alyp gaýdan ýigidiň perzentleri kakasyndan galan baýlygyň hasabyna ýalta bolup ýetişýärler. Kitap alyp gaýdan ýigidiň nesli bolsa akylly, edepli, alym adamlar bolup, il içinde uly abraýa eýe bolýarlar.

Taýýarlan Aknur JEPBAROWA,
Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory.
Beýleki habarlar