Ene mähriniň gudraty (Durmuşy tymsallar)

21 Mart 2021
1226

Çagalyk döwrüm günleriň bir güni irden ejem meni oýarmaga dözmän, gapyny çalaja açyp gidipdir. Birden oýandym-da, ejemi gözläp daş çykdym. Ejem eli kiçijik kepjeli mellegimizde işläp ýören eken. Ýanyna bardym. Eýýäm ejemiň zähmet siňdiren ýeri gül ýaly bolupdyr. Mellegimizdäki bag-bakjalar gök öwsüp otyr. Şonda ejem maňa: «Balam, bir agaç ençeme menzillerden görüner» diýilýändir. Säher-saba bilen bag-bakjalykda işlemäge endik etseň, ömürboýy süňňüň sagat bolar» diýdi.

Ejemiň bu aýdan pendini men jäht tutup ýörün.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar